BMG Ysraýyla çagyryş berdi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda barha dartgynlaşýan ýagdaýy we Gaza garşy guralýan howa hüjümleri maslahatlaşmak üçin 3-nji gezek maslahat geçirdi

1640284
BMG Ysraýyla çagyryş berdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Ysraýyla we Palestina manysyz gan dökmegi, terrorçylykly aksiýalaryny we ýumurmagy tiz wagtda bes etmegi we iki döwletli çözgüt üçin gepleşiklere gaýdyp barmaklary barada çagyryş berdi. 

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda barha dartgynlaşýan ýagdaýy we Gaza garşy guralýan howa hüjümleri maslahatlaşmak üçin 3-nji gezek maslahat geçirdi. 

Geňeşe ýüzlenip çykyş eden Antoniu Gutterriş, Gazadaky we Ysraýyldaky ölümleriň we ýumurmagyň bir ýerde bilelikde ýaşamak we parahatçylyk umydyny ýok edýändigini belläp, çaknyşyklary iň tiz wagtda bes edilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Antoniu Gutterriş: "Bir tarapda raketa we minomýot, beýleki tarapda bolsa howa hüjümleri we toply hüjümler tiz wagtda bes edilmeli" diýip nygtady. 

BMG-nyň ylalaşyk üçin ähli taraplar bilen gepleşikler geçirmäge dowam edýändigini aýdan Antoniu Gutterriş, Gazada aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan palestinaly asuda ilat ölümlerine haýygandygyny, Gazadan atylan raketalar sebäpli ysraýyllylaryň hem ýogalmagyna gynanandygyny beýan etdi. 

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, çaknyşyklar dowam eden halatynda gözegçilik astyna alynyp bolmajak howpsuzlyk krizisiniň we ynsanperwer krizisiň ýüze çykyp biljekdigi barada duýduryş berdi. 

Gazada metbugat gulluklarynyň ofisleriniň nyşana alynmagynyň we ýok edilmeginiň örän aladalandyryjydygyna ünsleri çeken Antoniu Guterriş: "Metbugat işgärleriniň gorkusyz we azar berilmeden işlemeklerine rugsat berilmeli" diýip habar berdi. 

Ysraýyla we Palestina manysyz gan dökmegi, terrorçylykly aksiýalaryny we ýumurmagy tiz wagtda bes etmegi we iki döwletli çözgüt üçin gepleşiklere gaýdyp barmaklary barada çagyryş beren BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş: "Öňümizdäki ýeke täk ýol BMG-nyň kararlary, halkara hukuk we ozal gazanylan ylalaşyklara esaslanýan iki döwletiň hem paýtagtynyň Iýerusalim bolan, ikitaraplaýyn häsýetdäki ykrar etme, taraplaryň bir ýerde parahatçylykly we ynam içinde ýaşajak iki döwletli çözgüt üçin gepleşiklere gaýdylyp gelinmegi. Bu aksiýalar nähili derejede köp dowam etse, gutarnykly netijä ýetmek şolar ýaly kyn bolar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar