Beýik Britaniýada gazyň partlamagy netijesinde üç adam ýogaldy

Lankaşir etrabynyň ýangyn söndüriji gullugy çöken öýlerde gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýär

1640215
Beýik Britaniýada gazyň partlamagy netijesinde üç adam ýogaldy

Beýik Britaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Lankaşir etrabynda gaz bilen bagly bolan partlamada 1-i çaga jemi 3 adam ýogaldy. Ýumrulan 2 öýde gözleg we halas ediş işleri geçirilýär. 

Beýik Britaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Lankaşir etrabynda şu gün irden güýçli partlama boldy. 

Gaz sebäpli bolandygy aýdylýan partlama sebäpli 2 öý çökdi we ýene-de 1 öýe bolsa zyýan ýetdi. 

Wakada 1-i çaga jemi 3 adam ýogaldy, 4 adam bolsa ýaralandy. 

Lankaşir etrabynyň ýangyn söndüriji gullugy çöken öýlerde gözleg we halas ediş işlerini dowam etdirýär. 

Etrabyň ýaşaýjylary partlama bolan mahaly ýer titrändigini pikir edendiklerini we ýeriň güýçli ýagdaýda yranandygyny beýan etdiler. 

Partlamadan soň etrabyň ýaşaýjylary öýlerindäki gazlaryny ýapandyklaryny habar berdiler. 



Degişli Habarlar