Ysraýyl Gaza Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby goşunlary ençeme ýyldan bäri gabaw astyna bolan Gaza gury ýerden, howadan we deňizden hüjüm edýär

1639264
Ysraýyl Gaza Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Gazanyň demirgazyk gündogar we demirgazyk günbatar etraplarynda eneçeme nyşanalar Ysraýylyň artilleriýa hüjümleriniň ýany bilen howadan we deňizden hem bombalandy.

Hüjümler sebäpli şäheriň demirgazygynda elektrik togy kesildi, Ysraýylyň bombalan ýerlerinde binalar ýandy.

Bombalanan ýerlere tiz kömek we raýat goranyş toparlary ugradyldy.

Gijäniň ilkinji sagatlarynda Gaza Sektorunyň demirgazyk bölegini bombalan Ysraýylyň harby uçarlary, 2 sagatlyk asudalykdan soň dürli etraplary bombalamaga dowam edýär.

Ysraýylyň goşun sekretarlygyndan berilen beýannamada; “Gaza girendiklerini” gaýtalamakdan çetde durup, “esgerleriň girip, girmändigi hakynda maglumat berip bilmeris” diýildi.

Ysraýylyň harby goşunlarynyň metbugat Sekretary Jonatan Konrikust “Anadoly” habarlar gullugyna beren ilkinji beýannamasynda, Ysraýylyň goşunlarynyň Gaza Sektoruna “gury ýerden operasiýa” başladandygyny aýdypdy.

Berilen 2-nji beýannamada bolsa “terjimede ýalňyşlyk edilendigi, gury ýerden operasiýa başladylmandygy” habar berildi.

Ysraýylyň harby güýçleri sebite 10-nji maýda başlan we Oraza baýramyna garamazdan dowam edýän howa hüjümlerinde 27 sanysy çaga, 103 palestinaly ýogalan bolsa, 580 sanysy ýaralandy.

Ysraýylyň esgerlerinin Iýerusalimiň we Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Günbatar Şerianyň birnäçe ýerinde Gaza Sektoruna goldaw maksatly geçirilen ýörişlere hakyky we plastiki gülleler bilen gören çäresinde 139 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar