Hindistandaky partlamada 4 adam ýogaldy

Ýaralanan 20 adam bolsa Kuddalore döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy

1639001
Hindistandaky partlamada 4 adam ýogaldy

Hindistanyň günortasyndaky Tamil Nadu ştatynda oba-hojalyk dermanlaryny öndürýän senagat desgasynda himiki madda sebäpli bolan partlamada 4 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy. 

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä resmiler, Tamil Nadu ştatynyň SIPKOT senagat zolagynyň çäginde ýerleşýän desgada ýerli wagt bilen sagat 07:45-de himiki madda sebäpli partlamanyň bolandygyny habar berdiler. 

Partlamada desgada işleýän 4 adam ýogaldy, ýaralanan 20 adam bolsa Kuddalore döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy, golaýdaky desgalar bolsa boşadyldy. 



Degişli Habarlar