Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň polisiýa gullugy basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidinde ertir namazyndan soň ýene-de bir gezek palestinaly ýaşlara hüjüm etdi

1638251
Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri dowam edýär

Iýerusalimiň Yslam gaznasy edarasyndan adynyň aýan edilmegini islemedik resmi, palestinaly ýaşlaryň Aksa metjidinde okalan ertir namazyndan soň, Kybla metjidi bilen Kubbetus Sahranyň arasyndaky meýdançada ýygnandyklaryny habar berdi. 

Ysraýylyň polisiýasynyň tekbir we şygar aýdan ýaşlara plastik oklar bilen hüjüm edendigini aýdan resmi, palestinaly ýaşlaryň bolsa daşlar bilen polisiýa işgärlerine garşylyk görkezendigini aýan etdi. 

Palestinaly ýaşlaryň Aksa metjidindäki Kybla metjidiniň öňünde Ysraýylyň polisiýa işgärlerine daşlar bilen garşylyk görkezendigine ünsleri çeken resmi, Ysraýylyň polisiýasynyň bolsa Aksa metjidiniň Al-Magaribe gapysynyň öňünden ýaşlary nyşana alandygyny beýan etdi. 

Resmi Gündogar Iýerusalimiň Köne şäher sebitinde ýerleşýän Aksa metjidindäki wakalaryň ol diýen uly bolmandygyny belläp, käbir ýaşlaryň ýaralanandygyny belledi. 

Aksa metjidindäki Ysraýylyň polisiýa işgärleri bilen palestinaly ýaşlaryň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklar dowam edýär. 

Ysraýylyň polisiýasy düýn agşam bolsa Aksa metjidinde okalan tarawa namazyndan soň ýene-de bir gezek palestinaly ýaşlara ses bombalary bilen hüjüm gurady, emma wakalar ulalmadan tamamlanypdy. Mundan başgada düýn agşam içinde Aksa metjidi hem bolan Iýerusalimiň Köne şäher sebitiniň Damask gapysynda Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň palestinalylara garşy guran hüjüminde 27 palestinaly ýaralanypdy. 

Eýýäm ençeme gün bäri dowam edýän Ysraýylyň hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 35 adama ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 200 adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar