Ysraýylyň guran hüjümlerinde şehit bolan palestinalylaryň sany 35-e ýetdi

Eýýäm ençeme gün bäri dowam edýän Ysraýylyň hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 35 adama ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 200 adamdan geçdi

1638291
Ysraýylyň guran hüjümlerinde şehit bolan palestinalylaryň sany 35-e ýetdi

Iýerusalimiň Yslam gaznasy edarasyndan adynyň aýan edilmegini islemedik resmi, palestinaly ýaşlaryň Aksa metjidinde okalan ertir namazyndan soň, Kybla metjidi bilen Kubbetus Sahranyň arasyndaky meýdançada ýygnandyklaryny habar berdi. 

Ysraýylyň polisiýasynyň tekbir we şygar aýdan ýaşlara plastik oklar bilen hüjüm edendigini aýdan resmi, palestinaly ýaşlaryň bolsa daşlar bilen polisiýa işgärlerine garşylyk görkezendigini aýan etdi. 

Palestinaly ýaşlaryň Aksa metjidindäki Kybla metjidiniň öňünde Ysraýylyň polisiýa işgärlerine daşlar bilen garşylyk görkezendigine ünsleri çeken resmi, Ysraýylyň polisiýasynyň bolsa Aksa metjidiniň Al-Magaribe gapysynyň öňünden ýaşlary nyşana alandygyny beýan etdi. 

Resmi Gündogar Iýerusalimiň Köne şäher sebitinde ýerleşýän Aksa metjidindäki wakalaryň ol diýen uly bolmandygyny belläp, käbir ýaşlaryň ýaralanandygyny belledi. 

Aksa metjidindäki Ysraýylyň polisiýa işgärleri bilen palestinaly ýaşlaryň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklar dowam edýär.

Ysraýylyň harby uçarlary bolsa şu gün irden Gazadaky Palestinanyň garşylyk güýçlerine degişli howpsuzlyk merkezlerine we polisiýa ştablaryna hüjümler gurady. 

Ysraýylyň harby uçarlary birnäçe minudyň içinde onlarça bomba bilen Gazanyň günorta, demirgazyk we merkezi zolaklaryny nyşana alyp hüjüm gurady.

Soňky günlerde guralan hüjümleriň arasynda iň ulusynyň şu gün guralandygy bellenip, hüjümleriň netijeleri barada bolsa entek maglumat berilmedi.

Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň merkezindäki asuda ilatyň ýaşaýan we metbugat gulluklaryna degişli ofisleriň hem ýerleşýän 9 gatly binanyň hem bombalady. 

Ysraýylyň polisiýasy düýn agşam bolsa Aksa metjidinde okalan tarawa namazyndan soň ýene-de bir gezek palestinaly ýaşlara ses bombalary bilen hüjüm gurady, emma wakalar ulalmadan tamamlanypdy. Mundan başgada düýn agşam içinde Aksa metjidi hem bolan Iýerusalimiň Köne şäher sebitiniň Damask gapysynda Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň palestinalylara garşy guran hüjüminde 27 palestinaly ýaralanypdy. 

Eýýäm ençeme gün bäri dowam edýän Ysraýylyň hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 35 adama ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 200 adamdan geçdi. 

 



Degişli Habarlar