Arap Bileleşigi Kairde maslahat geçirdi

Maslahatda Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerine garşy edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy

1638122
Arap Bileleşigi Kairde maslahat geçirdi

Arap Bileleşiginiň Müsüriň paýtagty Kair şäherinde geçiren maslahatynda, Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerine garşy edilip bilinjek ädimleriň üstünde durulyp geçildi. 

Müsüriň ýerli metbugatynda berilen habarlara görä, Arap Bileleşigi Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň guraýan hüjümlerine garşy reaksiýasyny görkezmek we Palestinanyň halkyny goldamak maksady bilen Bileleşige agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri derejesinde göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. 

Maslahatda Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerine garşy edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Arap Bileleşigi, Palestinanyň talabyna laýyklykda Kataryň ýolbaşçylyk etmeginde Daşary işler ministrler derejesinde Iýerusalimi goldamak üçin nobatdan daşary maslahatyň geçiriljekdigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar