Owganystanda mekdebiň nyşana alynyp guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde mekdepleriň biriniň öňünde guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 50-ä ýetdi

1636833
Owganystanda mekdebiň nyşana alynyp guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýurdyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Taryk Arýen, Kabul şäheriniň Daşti Barçi diýilen ýerinde ýerleşýän Seýidü Şüheda atly mekdebiň öňünde düýn agzaçar wagty guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 50 adama ýetendigini habar berdi. 

Hüjümde ýaralananlaryň sanynyň 100-den geçendigini aýdan Taryk Arýen, ýogalanlaryň sanynyň has hem artmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdi. 

Taryk Arýen, hüjümiň ilki bilen bomba ýüklenen ulag bilen we ondan soň bolsa mekdebiň golaýyna ýerleşdirilen ýene-de 2 aýry bombanyň partladylmagy bilen guralandygyny habar berdi. 

Bilim merkezleriniň söweş eldegrilmesizligine eýedigini we bu hüjümleriň harby jenaýatdygyny aýdan Arýen, hüjümiň jogapkäriniň Talibandygyny beýan etdi. 

Taliban bolsa hüjüm bilen arabaglanşyklarynyň bolmandygyny öňe sürdi we hüjümi ýazgarýandyklaryny mälim etdi. 


Etiketkalar: #mekdep , #Taliban , #Kabul , #Owganystan

Degişli Habarlar