Nigeriýada ýolagçylary daşaýan gaýyk batdy

Mallam Adamu Ahmed, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýan etdi

1636930
Nigeriýada ýolagçylary daşaýan gaýyk batdy

Nigeriýanyň Niger ştatynda içinde 60-dan gowrak ýolagçy bolan gaýygyň batmagy netijesinde azyndan 15 adam ýogaldy. 

Zumba sebitiniň ýerli resmisi Mallam Adamu Ahmed, Niger ştatynyň Zumba diýilen ýerindäki Şiroro derýasynda ýolagçylary we zatlary daşaýan gaýygyň aşa ýüklenmegi netijesinde batandygyny habar berdi. 

Mallam Adamu Ahmed wakada ilkinji kesgitlemelere görä 15 adamyň ýogalandygyny, köp sanda dereksiz ýitendigini mälim etdi. 

Mallam Adamu Ahmed, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar