Mýanmada Halk Deputatyny Nyşana Alan Hüjümde 5 Adam Ýogaldy

Hüjümiň harby huntanyň tarapdarlary tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

1633476
Mýanmada Halk Deputatyny Nyşana Alan Hüjümde 5 Adam Ýogaldy

Mýanmanyň Bago welaýatynda halk deputatyny nyşana alan bombaly hüjümde 5 adam ýogaldy.

Bago welaýatynyň Zee Olak obasynda düýn ýerli wagt bilen 17.00-da Milli demokrat partiýasynyň halk deputaty Winiň bolýan ýeriniň golaýynda 3 bomba ýaryldy.

Partlamada halk deputaty Win bilen birlikde 5 adam ýogaldy.

Halk deputaty Win, agdarlyşyk sebäpli wezipesinden çetleşdirlen ozalky daşary işler ministri we ýurduň legal lideri San Suu Çiýe ýakynlygy bilen tanalýardy.

Hüjümiň kim tarapyndan guralandygy hakynda resmi beýannama berilmedi emma agdarlyşyga garşy durýanlar, hüjümiň harby huntanyň tarapdarlary tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.



Degişli Habarlar