G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty başlady

Beýik Britaniýanyň günorta-günbataryndaky Kornwall şäherçesinde 11-13-nji iýun aralygynda G7-ä agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna taýarlyk hökmünde geçirilýän maslahat 2 gün dowam eder

1633711
G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty başlady

Dünýäniň senagat taýdan iň ösen 7 ýurduny we Ýewropa Bileleşigini bir ýere jemleýän Daşary işler ministrler derejesindäki G7 maslahaty, guramanyň döwürleýin başlgy bolan Beýik Britaniýanyň ýer eýeçilik etmeginde paýtagt London şäherinde başlady. 

Britaniýa, Germaniýa, ABŞ, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa we Kanada ýaly ýurtlary öz düzüminde jemleýän G7-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri koronawirus epidemiýasyndan bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmek üçin bir ýere jemlendiler. 

Maslahata Günorta Koreýa, Hindistan, Awstraliýa, Günorta Afrika ýurtlaryň Daşary işler ministrleri bilen, ASEAN-yň döwürleýin başlyklyk wezipesini ýerine ýetirýän Bruneý Şalygy bolsa myhman hökmünde çagyryldy. 

Beýik Britaniýanyň günorta-günbataryndaky Kornwall şäherçesinde 11-13-nji iýun aralygynda G7-ä agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna taýarlyk hökmünde geçirilýän maslahat 2 gün dowam eder. 

Maslahatda klimatyň üýtgemegi, Eýran bilen geçirilýän gepleşikler, Siriýada dowam edýän söweş, Maýanmadaky harby agdarlyşyk, Kowid-19 epidemiýasy, Russiýa we Hytaý ýaly meseleleriň maslahatlaşylmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar