Mýanmadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Mýanmada harby agdarlyşyga garşy geçirilýän protestlerde howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 765 adama ýetdi
Mýanmada soňky 24 sagatda ýurdyň Hpakant, Wetlet, Mandalaý we Hsipaw şäherlerinde geçirilen protestlerde ýene-de 6 adam ýogaldy.
Mýanmada protestleriň başlan gününden bäri ýogalanlaryň sany 765 adama ýeten bolsa, 3 müň 555 adam göz tussaglygyna alyndy, ýene-de 1 müň 369 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynmagy barada karar kabul edildi.
Beýleki tarapdan harby agdarlyşyga garşy duran ýaragly toparlaryň biri bolan Karen Milli Birliginiň lideri Baw Kýaw Heh, 1-nji fewralda başdan geçirilen harby agdarlyşykdan soň başlan garşylygyň etnik toparlar üçin uly mümkinçilikdigini belläp: "Bu mümkinçiligi gowy netijelendirmelidiris we harby diktatorlyga garşy söweşmelidiris" diýip belledi.
Karen Milli Birliginiň lideri Baw Kýaw Heh, harby dolanşykdan halas bolmak üçin beýleki ýaragly etnik toparlara, bilelikde hereket etmek barada çagyryş berdi.
Degişli Habarlar
Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer
Bu barasynda Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.