Talibandan ABŞ-na duýduryş...

Taliban aprel aýynda hem Kandagar howa menziline hüjüm gurapdy

1632290
Talibandan ABŞ-na duýduryş...

Taliban, 1-nji maýa çenli Owganystandaky esgerlerini çekmän 2018-nji ýylda baglaşylan Doha ylalaşygynyň düzgünlerini bozmak bilen günäkärlän ABŞ-na garşy aksiýa geçirip biljekdigi barada duýduryş berdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda, ABŞ tarapyndan ylalaşygynyň düzügüniniň bozulmagy bilen Talibanyň aksiýa geçirmäge mümkinçilik berýändigi bellenip, Talibanyň ýolbaşçylarynyň bu babatda kabul etjek kararlaryna garaşylýandygy we şoňa görä hereket ediljekdigi aýan edildi. 

Kataryň paýtagty Doha şäherinde ençeme aýlap dowam eden gepleşiklerden soň Taliban bilen ABŞ-nyň arasynda 2018-nji ýylda baglaşylan ylalaşyga görä, ähli daşary ýurtly harby toparlar 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Owganystandan çekilmelidi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Owganystanda galan 2 müň 500 amerikan esgerleriň ählisiniň 11-nji sentýabra çenli yzyna çekiljekdigini habar beripdi. 

Beýleki tarapdan Owganystanyň günortasynda ABŞ-nyň hem bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kandagar howa menziline raketa bilen hüjüm guraldy. 

ABŞ-nyň Owganystandaky harby toparlaryň metbugat sekretary Sonny Leggett, hüjümde hiç kime zyýan ýetmändigini mälim etdi. 

Leggett, ABŞ-nyň harby toparlarynyň Kandagar howa menziline guralan hüjüme garşylyk görkezendigini we howa menziline hüjüm guramak üçin taýar edip goýulan ýene-de birnäçe raketarynyň ýok edilendigini aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Taliban aprel aýynda hem Kandagar howa menziline hüjüm gurapdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Kandagar , #ABŞ , #Taliban

Degişli Habarlar