PKK/ÝPG Afrinde asuda ilaty nyşana alyp hüjüm gurady

Hüjümde 1 çaga ýogaldy, 2 adam ýaralandy

1632413
PKK/ÝPG Afrinde asuda ilaty nyşana alyp hüjüm gurady

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň Siriýanyň Afrin etrabynda asuda ilaty nyaşana alyp guran hüjümide 1 çaga ýogaldy, 2 adam bolsa ýaralandy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, PKK/ÝPG-a agza terrorçylaryň ekin meýdanynda işleýän asuda ilaty nyşana alandygy mälim edildi.  

Afrinde ekin meýdanlarynyň bolan ýerine 8 aýry raketa bilen hüjüm guran terrorçylar, eje we çagasy bilen birlikde ýene-de bir adamy ýaraladylar. 

Ýaralanan çaga edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi, terrorçylaryň sebitdäki ýerleri nyşana alynyp hüjüm guraldy. 

Beýleki tarapdan Siriýada ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, jynsy taýdan zorlan gyz çagany düşüren wideo ýazgylaryny dogan-garyndaşlaryna görkezmek bilen gorkuzyp, kamikaze hüjümçisi bolmaga mejbur etdiler. 

ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astynda bolan Manbij etrabynda ýaşaýan Rakkaly 17 ýaşyndaky gyz çaga, Afrinda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklandy. 


Etiketkalar: #Afrin , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar