Demirgazyk Koreýa: "Jo Baýden duşmançylykly syýasat alyp barýar" diýdi

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1632394
Demirgazyk Koreýa: "Jo Baýden duşmançylykly syýasat alyp barýar" diýdi

Demirgazyk Koreýa, resmi Phenýan we ýadro programmasy bilen baglanşykly strategiýasyny aýan etmegine taýarlanýan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümeti özlerine garşy duşmançylykly syýasat alyp barmak bilen günäkärledi. 

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Waşington tarapyndan soňky wagtlarda berilýän beýanatlaryň Baýdeniň duşmançylykly syýasat alyp barmaga niýetlidigini görkezýändigi beýan edildi. 

Jo Baýden hepdäniň içinde beren beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň ýadro programamsynyň global howpsuzlyga wehim salýandygyny we Ak Tamyň bu ýurda garşy standart bir pozisiýa eýelejekdigini habar beripdi. 

Ak Tamyň metbugat sekretary Jen Psaki ABŞ-nyň syasatynyň gözden geçirilmek tapgyrynyň tamamlanandygyny we Jo Baýdeniň Demirgazyk Koreýa ýadro programmasyny terk etdirmäge synanyşyp, onuň hötdesinden gelip bilmedik ozalky 4 hökümetiň ýolbaşçylarynyň tejribelerinden ders alandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar