Bolgariýa Bilen Russiýanyň Arasyndaky Dartgynlyk Möwjeýär

Ýene-de 1 rus diplomaty ýurtdan çykarylar

1630943
Bolgariýa Bilen Russiýanyň Arasyndaky Dartgynlyk Möwjeýär

Bolgarita bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň möwjeýän günlerinde Russiýanyň Bolgariýadaky İlçihanasynda işleýän ýene-de bir diplomat “islenmeýän adam” yglan edildi.

Soňky 1,5 ýylda Bolgariýanyň ýurtdan çykaran rus diplomatlarynyň sany 9-a ýetdi.

Bolgariýanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Sofiýadaky İlçisi Eleonora Mitrofanowanyň geňeşmeler üçin ministrlige çagyrylandygyny we ýurtdan çykaryljak diplomat hakynda görkezme berilendigini beýan etdi.

Beýannamada garaýyşlaryna orun berilen iş başyndan çekilen hökümetiň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Ekaterina Zahariýewa Bolgariýanyň Prokuroturasynyň ýurtda soňky 10 ýylda 4 sany ok-däri ammarynda bolan partlamalarda Russiýanyň harby howpsuzlyk gullugynyň eliniň bardygyny görkezýän maglumatlary beýan edendigini ýatlatdy.

Zahariýewa derňew işiniň çäginde rus içalylarynyň Bolgariýanyň 3 raýatynyň zäherlenmäge synanşylandygyna ünsi çekip, Russiýadan şol iş boýunça hyzmatdaşlyga garaşýandygyny aýtdy.

Russiýanyň döwlet edaralarynyň Bolgariýa hakynda kemsidiji beýannamalaryny ýerliksiz hasap edýändigini aýdan Zahariýewa; “Biz ÝB-ne agza we NATO ýaran. Emma ol rus edaralarynyň beýan edişi ýaly “eýelerimiziň bardygyny” aňlatmaýar. Bolgar howpsuzlyk gulluklary diňe milli bähbitlerimiz üçin iş alyp barýar” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow düýn Bolgariýada dowam edýän derňew işi hakynda “ironiki” garaýyşlar beýan edipdi.



Degişli Habarlar