Mýanmada 10 Esger Öldürildi
Ýurt dartgynly bolmagynda galýar
Mýanmanyň Bangladeş serhedindäki Çin welaýatynda agdarlyşyga garşy durýan etniki ýaragly topar bilen Mýanmanyň goşunynyň arasynda bolan çaknyşykda 10 esger öldürildi.
1-nji fewralda edilen harby agdarlyşykdan soň protestçileri Mýanmanyň goşunlaryndan goramak üçin döreilen Çinland goranyş toparlarynyň ýolbaşçylarndan biri, welaýatyn Mindat şäherinde düýn bolan çaknyşyk hakynda “Ze İrrawaddi” gazetine interwýu berdi.
Çinland goranyş toparlarynyň ýolbaşçysy düýn agşamara şäheriň daglyk böleinde harby goşunyň ulag kerwenine guran hüjümleri netijesinde 10 esgeri öldürendiklerini we çaknyşyklaryň uzakly gün dowam edendigini aýtdy.
Goşunyň şu gün ir säher hüjümlere başlandygyny beýan eden resmi: “Snarýad we RPG ýaraglary bilen gaýtawul görkezdiler. Agyr bombardymana sezewar bolduk” diýdi.
Degişli Habarlar
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Protestçylar Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetden ýesirleriň yzyna getirilmegini talap etdi.