Baýden Bilen Erdoganyn Duşuşygy Özara Gatnaşyklaryň Gelejegi Üçin Möhüm

Bu barasynda ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi general Kennet MkKenziniň beýannamasynda aýdylýar

1629815
Baýden Bilen Erdoganyn Duşuşygy Özara Gatnaşyklaryň Gelejegi Üçin Möhüm

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdesi general Kennet MkKenzi Prezident R.T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda NATO-nyň sammitinde geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň gelejegi üçin möhümdigini aýtdy.

MkKenzi Waşingtonda ýerleşýän Amerikan Enterpis intitutynda Ýakyn Gündogardaky wakalar hakynda beýannama berdi.

MkKenzi, Türkiýäniň sebitde, esasanda Siriýada we Liwiýada güýçlenýän harby pozisiýasynyň ABŞ üçin sebitleýin dinamikalara ýetirýän täsirleri hakynda bolsa: “İlki bilen Türkiýäniň uzak möhletden bäri NATO hyzmatdaşymyzdygyny aýdasym gelýär. Türkiýe bilen NATO-nyň 5-nji maddasyna esaslanýan gatnaşyklarymyz bar” diýdi.

MkKenzi Türkiýänin Yrak we Siriýa meselelerinde hakly howpsuzlyk aladalarynyň bardygyny, oňa düşünýändiklerini belläp; “Türkiýe bilen etmäge synanşýan zadymyz ylalaşyk ugurlaryny artdyrmak. Düşnüşmezlikleriňiz bolsa hem dostluk dowam edip biler. Türikiýe bilen düşnüşmeýän ugurlarymyz bar, emma bu meseläniň gowy tarapy iki prezident NATO-nyň maslahatynda duşuşarlar. Onuň gelejek üçin iňňän netijeli geçjekdigini pikir edýärin”diýdi.

 



Degişli Habarlar