ABŞ Isleg Bildiren Ýurtlara 60 Million Doza Sanjym Berer

Bu barasynda Ýen Psaki beýannama berdi

1629038
ABŞ Isleg Bildiren Ýurtlara 60 Million Doza Sanjym Berer

ABŞ 60 million doza barabar “AstraZeneca” koronawirus sanjymyny federal howpsuzlyk barlagynyň geçirilmeginden soň isleg bildirýän ýurtlara bermäge başlar.

Ak Tamyň metbugat Sekretary Ýen Psaki geçiren gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň elinde bar bolan “Astra Zeneka” sanjyny ýakyn gelejekde başga ýurtlara bermäge başlajakdygyny aýtdy.

“AstraZeneca” sanjymynyň henizABŞ-nyň Azyk we derman departamentinden tassyknama almandygyna ünsi çeken Psaki; “ABŞ-nyň häzirki wagtda Azyk we derman departamenti tarapyndan tassyknama alan sanjym ätiýajyna we “AstraZenecanyň” tassyknama almandygyna esaslanyp, gelejek birnäçe aýyň dowamynda “AstraZeneca” sanjymy bize gerek bolmaz. Şeýlelikde ABŞ şol sanjymlary başga ýurtlara berer” diýdi.

 



Degişli Habarlar