Ýewropa Musulman Forumy, Jo Baýdeniň Beýannamasyna Reaksiýa Bildirdi

"Şuňa meňzeş hereketler, Ermenistan bilen musulman goňşulary Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky parahatçylyk etabyny bökdär"

1629392
Ýewropa Musulman Forumy, Jo Baýdeniň Beýannamasyna Reaksiýa Bildirdi

 

Ýewropa Musulman forumy, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosid” hökmünde häsiýetlendirmegine reaksiýa bildirdi.

Ýewropa Musulman forumy, Prezident Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosid” hökmünde häsiýetlendirmeginiň ABŞ-nyň täze hökümetiniň goýberen uly ýalňyşlygyny nygtady.

Mesele hakynda berlen beýannamada, şuňa meňzeş hereketleriň, Ermenistan bilen musulman goňşulary Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasyndaky parahatçylyk etabyny bökdejekdigi bellenildi.

Beýannamada “Şuňa meňzeş hereketler ABŞ-nyň NATO-nyň çägindäki ýakyn hyzmatdaşy Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirmek bilen birlikde, türk we musulman dünýäsinde ABŞ-na bolan ynama hem zeper ýetirýär” diýildi.


Etiketkalar: #musulman , #ABŞ , #reaksiýa

Degişli Habarlar