Ruhan: "Dünýä bilen aragatnaşyk ýola goýulmadan öňe gidişlik edilmez we ýurt galkynmaz" diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdyň ykdysadyýetiniň galkynmagy üçin içerki bazaryň ýeterlik bolmandygyny belläp, dünýä bilen aragatnaşyk ýola goýulmadan öňe gidişligiň edip bolmajakdygyny beýan etdi

1629216
Ruhan: "Dünýä bilen aragatnaşyk ýola goýulmadan öňe gidişlik edilmez we ýurt galkynmaz" diýdi

Eýranyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, ýurdyň paýtagty Tähran şäherinde ykdysadyýetçiler bilen duşuşyk geçiren Hasan Ruhani: "Bizem meseleleriň ýurdyň içinde çözülmelidigine ynanýarys, emma şu hem bilinmelidir: dünýä bilen aragatnaşyk ýola goýulmadan öňe gidişlik edilmez we ýurt galkynmaz" diýip habar berdi. 

Hasan Ruhani, mundan başgada ozal 119 milliard dollara ýeten nebitden alynýan girdejiniň, özleriniň hökümediň başyna geçenlerinden bäri 67 milliard dollardan geçmändigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan, Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde dowam edýän ýadro ylalaşygy bilen bagly gepleşikleriň hem üstünde durup geçen Ruhani: "Wenadaky gepleşikler Eýranyň güýjüniň görkezijisidir. Şu günki gün dünýä Eýran bilen ylalaşyk gazanmakdan we sanksiýalaryň aýrylmagyndan başga bir ýoluň bolmandygyny kabul etdi. Bu Eýran üçin uly bir üstünlikdir" diýip beýan etdi. 


Etiketkalar: #Eýran , #Hasan Ruhani

Degişli Habarlar