Mýanmadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Jemi adam ýitgisiniň 753-e ýetendigi aýdylýan habarnamada, 3 müň 441 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi

1628923
Mýanmadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlaw bilen hökümediň başyna geçen hökümet agzalarynyň göz tussaglygyna alynmagyna garşy geçirilýän protest aksiýalarynda, howpsuzlyk güýçleriniň asuda ilata garşy aşa güýç ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 753 adama ýetdi. 

Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň çap eden gündelik habarnamasynda, ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 2 adamyň ýogalandygy tassyklandy. 

Jemi adam ýitgisiniň 753-e ýetendigi aýdylýan habarnamada, 3 müň 441 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

1179 adamyň göz tussaglygyna alynmagy üçin bolsa kararyň kabul edilendigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan harby agdarlyşyga garşy bolan Karen Milli birligi atly ýaragly topar, ýurdyň günortasynda Taýland serhediniň golaýynda ýerleşýän Mýanmanyň goşunyna degişli bir harby bazany ele saldy. 

Karen milli birligi tarpyndan berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 04:30-da Karen welaýatyna degişli Mutraw sebitinde ýerleşýän ýurdyň goşunyna degişli baza hüjümiň guralandygy aýan edildi. 

Çaknyşyklaryň netijesinde bazanyň ele salynandygyny aýdan Karen milli birligi, adam ýitgileri barada bolsa maglumat bermedi. 


Etiketkalar: #protest , #Mýanma

Degişli Habarlar