Zarif Wenadaky Duşuşyklary Goldaýandyklaryny Beýan Etdi

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Bagdatda “Wenadaky duşuşyklary” goldaýandyklaryny aýtdy

1628502
Zarif Wenadaky Duşuşyklary Goldaýandyklaryny Beýan Etdi

Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherindäki duşuşyklar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan edip, Eýran we Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine kanagatlanma bildirdi.

Hüseýin Bagdatda saparda bolýan Zarif bilen duşuşandan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Zarif bilen özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Hüseýin; “Yrak, sebitiň durnuklygy we howpsuzlygy üçin berk pozisiýa eýeleýär. Daşary syýasatymyz hem ähli taraplar bilen deňagramly gatnaşyklar etmäge gönükýär. Sebit ýurtlarynyň öz meselelerini çözmegini isleýäris” diýdi.

Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikler hakynda-da durup geçen Hüseýin: “Eýran bilen beýleki taraplaryň arasynda dürli ýurtlarda geçirilýän gepleşikler möhüm sepgide ýetdi. Wenadaky Eýran-Amerikan duşuşyklary bilen hem ýakyndan gyzyklanýarys. Eýran bilen ykdysady pudakda hem hyzmatdaşlyk edýaris we ony koronawirus pandemiýasyndan soň hem ösdürmek isleýäris. Eýran bilen aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar bizi begendirýär” diýdi.

Fuad Hüseýin Eýranyň Daşary işler ministri Zarifiň Najaf we Erbil şäherlerine hem barjakdygyny beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif bolsa Yragyn hökümetine sebitiň durnuklylygy we howpsuzlygy üçin edýän  başlangyçlary mynasybetli sagbolsun aýtdy.

“Yrak bilen gatnaşyklarymyz hoşniýetli goňşuçylyk, özygtyýarlylyga sarpa goýmak we içeri işlere goşulyşmazlyk kadalaryna esaslanýar” diýen Zarif: yrakly kärdeşi bilen Wenada Eýranyň ýadro maksatnamasynyň doly iş ýüzüne geçirilmegi we ABŞ-nyň ylalaşyga dolanyp gelmegi boýunça geçirilýän duşuşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Zarif, ABŞ-nyň hökümetinden “parasatly çemeleşmä” garaşýandyklaryny beýan edip, gepleşikler boýunça Amerikan tarapynyň çynlakaýlygy görmek isleýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar