Mýanma döwletinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň çap eden gündelik habarnamasynda, ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 6 adamyň ýogalandygy tassyklandy

1628238
Mýanma döwletinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlaw bilen hökümediň başyna geçen agzalarynyň göz tussaglygyna alynmagyna garşy geçirilýän protest aksiýalarynda, howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 751 adama ýetdi. 

Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň çap eden gündelik habarnamasynda, ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 6 adamyň ýogalandygy tassyklandy. 

Jemi adam ýitgisiniň 751-e ýetendigi aýdylýan habarnamada, 3 müň 431 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi. 

1159 adamyň göz tussaglygyna alynmagy üçin bolsa karar kabul edilendigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan harby agdarlyşyga garşy protestleri goldan mýanmaly ýazyjy we žurnalist Tu Tu Thanyň göz tussaglygyna alynandygy beýan edildi. 

Mýanma Now saýtyna beýanat beren maşgalasynyň agzalary, Thanyň 18 ýaşyndaky ogly bilen birlikde 24-nji aprelde gije Ýangonyň Thanlyin etrabyndaky öýünde göz tussaglygyna alynandygyny habar berdiler. 

Maşgalasynyň Thanyň nirde göz tussaglygynda saklanýandygyny bilmeýändiklerini beýan etdiler. 


Etiketkalar: #protest , #Mýanma

Degişli Habarlar