Yrakda Koronawirus hassahanasynda ýangyn ýüze çykdy

Yragyň Prezidenti Berhem Salih bolsa ýangyn bilen baglanşykly iň tiz wagtda derňew geçirilmegi barada buýruk berdi

1627935
Yrakda Koronawirus hassahanasynda ýangyn ýüze çykdy

Yragyň paýtagty Bagdad şäherinde koronawirus bilen kesellän adamlar üçin bölünip aýrylan hassahanada düýn ýüze çykan we 82 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen ýangyndan soň ýurtda 3 günlük milli ýas yglan edildi. 

Yragyň Premýer ministri Mustafa Al-Kazyminiň ofisinden berilen beýanata görä Premýer ministr Mustafa Al-Kazymi, "Ibn Al-Hatib" atly hassahanada ýüze çykan ýangyn bilen baglanşykly soňky hadysalary ara alyp maslahatlaşmak üçin käbir resmiler bilen maslahat geçirdi. 

Ýangynda ýogalan adamlar üçin 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini aýdan Kazymi, ýurtdaky ähli hssahanalarda, myhmanhanalarda we halkyň köpçülik bolan ýerlerinde howpsuzlyk çäreleriniň 1 hepdäniň içinde derňelmegi üçin degişli ministrlikleriň resmileriniň gatnaşmagynda bir tehniki toparyň döredilmegi babatynda buýruk berendigini aýan etdi. 

Yragyň Prezidenti Berhem Salih bolsa ýangyn bilen baglanşykly iň tiz wagtda derňew geçirilmegi barada buýruk berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa ýurdyň Saglygy goraýyş ministrligi mesele bilen baglanşykly 4 resminiň wezipesinden çetleşdirilendigini mälim etdi. 

Yragyň mejlisi bolsa çap eden beýanatynda, Koronawirus hassahanasyndaky ýangyn bilen baglanşykly soňky hadysalary maslahatlaşmak üçin ertir adatdan daşary ýagdaýda maslahatyň geçiriljekdigini aýan etdi. 

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy bilen bagly derňew işi dowam edýärkä, Içeri işler ministrligi, hassahanda ýüze çykan ýangyn bilen baglanşykly ýogalanlaryň sanynyň 82 adama ýetendigini, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 110-a ýetendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar