Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda partlama boldy

Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda bolan partlamada kraterden çykan wulkan akymy takmynan 2 km çenli ýaýrady

1628006
Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda partlama boldy

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň berýän habaryna görä, ýurdyň Kagosima welaýatynyň Osumi ýarymadasyndaky Sakuradzima wulkanynda bolan partlamada kraterden çykan wulkan akymy takmynan 2 kilometre çenli ýaýrady. 

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi wulkanyň howplylyk derejesini halkyň wulkanyň golaýyna golaýlaşmazlygyny öz düzüminde jemleýän 3-nji derejä ýetirdi. 

Kýodo habarlar agentliginiň ýerli ýolbaşçylara esaslanyp beren habaryna görä, wulkanyň golaýynda ýerleşýän Tarumizuda we Kagosimada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok.

Sakuradzima wulkany Ýaponiýanyň iň işjeň wulkany hökmünde bilinýar we 2016-njy ýylyň fewral aýyndan bäri wulkana 2 km az aralyga çenli golaýlaşylmagyna rugsat berilmeýär. 


Etiketkalar: #wulkan , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar