Zimbabwede Harby Dikuçar Bir Öýüň Üstünde Gaçdy

Heläkçilikde biri çaga 4 adam ýogaldy

1627387
Zimbabwede Harby Dikuçar Bir Öýüň Üstünde Gaçdy

 

Zimbabweniň paýtagty Hararede harby tälim üçin ulanylýan dikuçaryň bir öýüň üstünde gaçandygy sebäpli biri çaga 4 adam ýogaldy.

Tälim üçin ulanylýan harby dikuçar bilen arabaglanşyk paýtagt Harareden uçandan gysga wagt soň kesildi.

Dikuçaryň paýtagtyň Arkturus etrapçasynda bir öýüň üstüne gaçandygy sebäpli uçaryň ekipažy, 2 tehniki hünärmen we 1 çaga ýogaldy.

Zimbabweniň howa güýçleri dikuçarlaryň we harby uçarlaryň ýetersizligi sebäpli kyn ýagdaýy başdan geçirýär emma günbatarly ýurtlaryň embargolary sebäpli täze harby uçar we dikuçar alyp bilmeýär.



Degişli Habarlar