Çaknyşykda Ýogalan Çadyň Prezidenti Soňky Ýoluna Ugradyldy

Döwlet dabarasy üçin berk howpsyzlyk çäreleri görüldi

1627280
Çaknyşykda Ýogalan Çadyň Prezidenti Soňky Ýoluna Ugradyldy

 

Front liniýasynda bolan çaknyşykda ýogalan Çadyň Prezidenti Idris Debi Ytno döwlet dabarasy bilen soňky ýoluna ugradyldy.

Paýtagt Ençeminde Prezident Ytno üçin Afrika, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryndan köp sanly lideriň, ilçileriň we harby ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen döwlet dabarasy üçin berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

 Dabarada Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Afrika Bileleşiginiň döwürleýin ýolbaşçygy, Kongo Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thisekedi, ÝB-niň daşary syýasatdan we howpsyzlyk jogapkär ýokary wekili Borrel we Ytnonyň ýaly Hinda Debi çykyş etdi.

Fransiýanyň Prezidenti Makron ýurdunyň hiç kimiň Çadyň durnuklylygyny we howpsyzlygyny bozmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtap, arkalaşyk we goldaw ýüzlenmesini berdi.

Ytno Juma namazyndan soň jaýlandy.



Degişli Habarlar