Zelenskiý Russiýanyň Esgerleriň Yza Çekiljekdigi Hakyndaky Kararyna Hoşallyk Bildirdi

"Ukraina söweş däl eýsem parahatçylyk isleýär"

1626754
Zelenskiý Russiýanyň Esgerleriň Yza Çekiljekdigi Hakyndaky Kararyna Hoşallyk Bildirdi

 

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň “Türgenleşigiň gutarandygy we esgerleriň yza çekiljekdigi” hakyndaky beýannamasyna hoşallyk bildirdi.

Zelenskiý, Twitterden beren habarnamasynda, serhetdäki esgerleriň sanynyň azaldylmagy bilen dartgynlygyň gowşap biljekdigini nygtady.

Esgerleriň sanynyň azaldylmagyna we Donbasda ýagdaýyň kadalaşmagyna sebäp bolup biljek her bir başlangyja Ukrainanyň hoşallyk bildirjekdigini emma seresaply çemeleşilýändigini nygtan Zelenskiý, ýurdunyň söweş däl eýsem parahatçylyk isleýändigini belledi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Russiýanyň günortadaky we günbatardaky harby toparlarynyň geçiren türgenleşiginiň tamamlanandygyny we esgerleriň yza çekiljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar