Zaharowa Çehiýanyň Ultimatum Bermegini Isledi

Russiýa 20 çeh diplomatynyň ýurtdan çykarylmagy hakyndaky kararyň özgerdilmegi baradaky talaba reaksiýa bildirdi.

1626380
Zaharowa Çehiýanyň Ultimatum Bermegini Isledi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Çehiýanyň bu talabynyň ýerliksizdigini beýan etdi.

Sosial media hasabyndan habarnama beren Zaharowa; “Resmi Praga NATO-nyň çäginde dialog üçin ultimatum bermegini teklip edýäris. Russiýa bilen bu görnüşde aragatnaşyk etmek kabul edilmesiz” diýdi.

Zaharowa şeýle-de Çehiýanyň Russiýadaky İlçisiniň Daşary işler ministrligine çagyryljakdygyny beýan etdi.

Çehiýanyň Daşary işler ministri Ýakub Kulhanek Russiýada “20 çeh diplomatny ýurtdan çykarmak hakyndaky kararyny 22-nji aprel güni günorta çenli üýtgetmelidigini” aýdypdy.



Degişli Habarlar