Pakistanda partlama boldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

1626199
Pakistanda partlama boldy

Pakistanyň Belujistan welaýatynyň Ketta şäherindäki myhmanhanalaryň biriniň awtoduralgasynda bolan partlamada aralarynda 1 polisiýa işgäri hem bolan jemi 4 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy. 

Içeri işler edarasynyň resmileri, partlamanyň ilkinji kesgitlemelere görä bomba ýüklenen ulag sebäpli bolandygyny beýan etdiler. 

Resmiler waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdiler. 

Partlamanyň täsiri bilen awtoduralgadaky beýleki ulaglara we myhmanhana zyýan ýetdi. 

Beýleki tarapdan Pakistanyň Içeri işler ministri Şeýh Raşid Ahmed, Hytaýyň Yslamabad şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nong Rongyň we hytaýly diplomatlaryň şol myhmanhanada galýandygyny, emma partlama bolan mahaly olaryň myhmanhanada bolmandygyny aýan etdi. 

Ahmed Pakistanyň duşmanlarynyň parahatçylykly we özgerýän Pakistany görmek islemeýändiklerini belläp, hüjümi ýazgardy. 


Etiketkalar: #partlama , #Pakistan

Degişli Habarlar