Hindistan Soňky 24 Sagatda Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany Taýdan Epidemiýanyň Merkezi Boldy

Hindistan 2-nji aprelden bäri bir günde koronawirusa ýoluganlaryň sany taýdan birinji orny eýeleýär

1626181
Hindistan Soňky 24 Sagatda Koronawirusa Ýoluganlaryň Sany Taýdan Epidemiýanyň Merkezi Boldy

 

Hindistanda soňky 24 sagatda koronawirusa ýoluganlaryň sany 314 müň adamdan geçdi.

Hindistan şeýlelikde Kovid-19 epidemiýasynda häzire çenli dünýäde bir günde koronawirusa ýoluganlaryň sany taýdan birinji orny eýeledi.

Hünärmenler ýurduň çar tarapynda koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy, hassahanalarda ýagdaýyň agyrlaşýandygy we saglygy goraýyş ulgamynyň agyr şertlere sezewar bolup biljekdigi barada duýduryş berýär.

Paýtagt Täze Delidäki hassahanalarda derman ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi nygtaldy.

Hindistan 2-nji aprelden bäri bir günde koronawirusa ýoluganlaryň sany taýdan birinji orny eýeleýär.



Degişli Habarlar