Tramp Baýdeniň Russiýa we bosgunlar bilen bagly syýasatyny tankyt etdi

Tramp, Fox News kanalynda Şon Hennitiniň gepleşigine gatnaşyp, göni ýaýlymda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1624586
Tramp Baýdeniň Russiýa we bosgunlar bilen bagly syýasatyny tankyt etdi

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, ýurdyň täze Prezidenti Jo Baýdeniň Hytaý bilen Russiýany biri-birlerine ýakynlaşdyrandygyny we munyň ABŞ üçin bolup biljek iň erbet ssenariýdigini beýan etdi. 

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Fox News kanalynda Şon Hennitiniň gepleşigine gatnaşyp, göni ýaýlymda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 

Tramp, Prezident wezipesinde mahaly Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen gowy düşünişendigini we sebitde güýçli liderler bilen ylalaşmagyň ABŞ üçin gowy bir göçümdigini habar berdi. 

Tramp, Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Russiýa bilen bagly syýasatyny tankyt edip: "Russiýany Hytaýyň eline itmegiň ýerine Russiýa bilen ylalaşyk içinde bolmaly we olar bilen hyzmatdaşlyk etmelidiris. Edip biljek iň erbet göçümimiz Hytaý bilen Russiýany bir ýere jemlemekdir. Häzirki wagtda olar bilelikdedir" diýip mälim etdi. 

Koronawirus epidemiýasy başlaýança çenli Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen gowy düşünişendigini aýdan Tramp, Hytaý bilen baglaşylan söwda ylalaşyklarynyň amerikaly öndürijiler üçin örän gowy bolandygyny aýan etdi. 

ABŞ-nyň günorta serhedinde soňky wagtlarda artan bikanun migrantlar babatynda hem Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň syýasatyny tankyt eden Tramp, Baýdeniň durmuşa geçirýänleriniň ýurda uly zyýan ýetirýändigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar