Russiýa 2 Bolgar Diplomatyny Ýurtdan Çykarar

Bu karar Bolgariýanyň kararyna berilen jogap aýratynlygyna eýe

1624917
Russiýa 2 Bolgar Diplomatyny Ýurtdan Çykarar

Russiýa Bolgariýanyň geçen aý içalylyk edendigi sebäpli 2 rus diplomatyny ýurtdan çykarmagyna jogap hökmünde, 2 bolgar diplomatyny “islenmeýän adam” yglan etdi.

Mesele boýunça Russiýanyň Daşary işler ministrliginden beýannama berdildi.

Beýannamada şol kararyň mart aýynda Bolgariýanyň rus diplomatlaryny içalylyk şübhesi sebäpli ýurtdan çykarmagyna garşy kabul edilendigi nygtaldy. Beýannamada Bolgariýanyň kararynyň esassyzdygy nygtaldy.

Bolgariýa geçen aý häzirki wagtda gullukda bolan we ozalky harby howpsuzlyk gullukçylary bilen birlikde 6 adamy Russiýa üçin içalylyk etmekde günäkärläp, şol çäkde 2 rus diplomatyny ýurtdan çykarmak hakynda karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar