Putin Klimat Sammitine Gatnaşar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 22-nji aprelde ABŞ-nyň önbaşçylyk etmeginde geçiriljek Klimat sammitine gatnaşar

1624339
Putin Klimat Sammitine Gatnaşar

Putin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň çakylygyny kabul etdi.

Kreml, Putiniň resmi Waşingtonyň öňbaşçylygynda geçiriljek Klimat Sammitina gatnaşmak hakynda karara gelendigini beýan etdi.

Berilen beýannamada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysynyň 22-nji aprelde geçiriljek sammite onlaýn görnüşde gatnaşjakdygyny nygtalyp: “Putin, global howa çalşygynyň ýaramaz täsirleriniň hötdesinden gelmegi nazarda tutýan giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň çäginde Russiýanyň pozisiýasyny gürrüň berer” diýilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden sammitde Prezident R.T.Erdogan bilen birlikde 40 ýurduň liderini çagyrypdy.



Degişli Habarlar