Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi

1624831
Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda ýerleşýän Polisiýa merkezine Talibanly başbozarlaryň guran ýaragly hüjüminde 8 polisiýa işgäri ýogaldy. 

Badahşanyň Welaýat Şurasynyň wekili Abdullah Naji Nazari, Talibanly başbozarlaryň Badahşan welaýatynyň Zibak etrabynyň Rig diýilen ýerinde ýerleşýän Polisiýa merkezine ýaragly hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümde 8 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 2 polisiýa işgäriniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Nazari, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibanly başbozarlaryň hem agyr ýitgiler çekendigini aýan etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

Düýn bolsa Talibanly başbozarlaryň Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynda ýerleşýän şeker öndürýän fabrige guran ýaragly hüjüminde bolsa 2 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy. 



Degişli Habarlar