Liwanyň Premýer ministri: "Ýurt çöküşiň bosagasynda" diýdi

Liwanyň Premýer ministri Hassan Diýab, ýurdyň çöküşiň bosagasyndadygyny beýan etdi

1624811
Liwanyň Premýer ministri: "Ýurt çöküşiň bosagasynda" diýdi

Liwanyň habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Katara guran saparynyň çäginde ýurdunyň Doha şäherindäki ilçihanasyna baran Hassan Diýab ol ýerde beýanat berdi. 

Diýab: "Liwan çöküşiň bosagasynda" diýip belläp, hökümediň 9 aý ozal wezipesinden çekilendigini, emma päsgelçilikler sebäpli entegem täze hökümediň gurulmandygyny habar berdi. 

Ýurdunyň garaňky bir tunelden geçýändigini aýdan Diýab, ady agzalan garňkylygyň diňe elektrik toklaryň kesilmeginden ybarat bolmandygyny, liwanlylaryň gündelik zerur zatlary tapmakda hem uly kynçylyklar çekýändigini mälim etdi. 

Tapawutly dinlere we messeplere esaslanýan syýasy bölünşikler taýdan örän gowşak gurluşa eýe bolan Liwanyň ykdysadyýeti, 1975-1990-njy ýyllar aralygynda başdan geçirilen içerki söweşden bäri iň uly krizisi başyndan geçirýär. 


Etiketkalar: #Doha , #Katar , #Liwan

Degişli Habarlar