“ABŞ-nyň Owganystana Ýaňadandan Esger Ugratmak Ýaly Meýilnamasy Ýok”

Baýden, 1-nji maýdan başlap 11-nji sentýabra çenli ABŞ-nyň Owganystandaky ähli esgerlerini yzyna çekjeidigini mälim edipdi.

1624756
“ABŞ-nyň Owganystana Ýaňadandan Esger Ugratmak Ýaly Meýilnamasy Ýok”

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby, amerikaly esgerleriň yza çekilmeginden soň ABŞ-nyň Owganystana terrora garşy göreş üçin ýaňadandan esger ugratmak ýaly meýilnamasynyň ýokdygyny aýtdy.

Gündelik metbugat ýygnagynda, ABŞ-nyň çekilmeginden soň Owganystanda ýagdaý erbetleşen halatynda sebite terrora garşy göreş maksady bilen esgeriň ugradylyp ugradylmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Kirby, “Resmi Kabul bilen terrora garşy göreş güýçleriniň ýaňadandan Owganystana ugradylmagy meselesinde hiç hili gepleşik geçirilmedi. Owganystanda ýüze çykyp biljek howplara garşy terrora garşy göreşiň çäginde ýeterlik güýjümiz bolar” diýdi.

Kirby, Owganystana ýaňadandan esger ugratmak ýaly meýilnamalarynyň ýokdygyne ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 1-nji maýdan başlap 11-nji sentýabra çenli ABŞ-nyň Owganystandaky ähli esgerlerini yzyna çekjeidigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar