Ukraina Russiýa garşy pudaklaýyn sanksiýalaryň girizilmegini isleýär

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Russiýa garşy şahsy sanksiýalaryň indi ýeterlik däldigini beýan etdi

1624385
Ukraina Russiýa garşy pudaklaýyn sanksiýalaryň girizilmegini isleýär

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Russiýa garşy şahsy sanksiýalary dälde, pudaklaýyn sanksiýalary isleýändiklerini habar berdi. 

Dmitro Kuleba, Twitterden beren beýanatynda, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň maslahatynda kärdeşlerine Russiýanyň soňky wagtlarda alyp barýan howply maksatlary barada maglumat berendigini mälim etdi. 

Moskwanyň dartgynlygy artdyrmakdan ýüz öwürtmek üçin ediljek ädimleri teklip edendigini aýdan Kuleba: "Esasy mesele giň-göwrümli pudaklaýyn sanksiýalar taýarlamak. Şahsy sanksiýalar indi ýeterlik däl" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar