Kreml: "Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýy beýleki ýurtlary gyzyklandyrmaz" diýdi

Russiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowa, ýurtdaky tussaglylaryň saglyk ýagdaýlarynyň beýleki ýurtlary gyzyklandyrmaýandygyny beýan etdi

1624265
Kreml: "Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýy beýleki ýurtlary gyzyklandyrmaz" diýdi

Dmitriý Peskow, ABŞ-da Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwanyň ýurdyň paýtagty Moskwa şäherindäki tussaghanada saklanýan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý bilen baglanşykly Russiýa garşy beýanatyna reaksiýa bildirdi. 

Dmitriý Peskow: "Beýleki döwletleriň wekilleri tarapyndan berilen bular ýaly görnüşli beýanatlary kabul etmeýäris" diýip belledi. 

Mundan başgada Dmitriý Peskow, Russiýanyň territoriýasynyň çäginde tussaglykda saklanýan tussaglylaryň saglyk ýagdaýlarynyň beýleki ýurtlary gyzyklandyrmaýandygyny wer gyzyklandyrmaly däldigini aýan etdi. 

ABŞ-nyň sanksiýa kararyna garşy Russiýanyň ikitaraplaýynlyk ýörelgä laýyklykda sanksiýa kararlaryny kabul etmäge dowam etjekdigini aýdan Peskow: "Bu ýerdäki ikitaraplaýynlyk ýörelgesi üýtgewsiz hemişelikdir we bu ikitaraplaýynlylyk ýörelgä laýyklykda kararlar kabul edildi. Russiýanyň jogap sanksiýalary bilen baglanşykly kararlaryň gerimi has hem giňeldiler. Eger sanksiýalar dowam etse, elbetde her gezek ABŞ bilen baglanşykly laýyk öňüni alyş çäreler görüler" diýip habar berdi. 

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan, düýn Alekseý Nawalnyýnyň ýagdaýy barada beýanat berdi. 

Salliwan, rus oppozisioner Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşmegi bilen baglanşykly soňky hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini belläp: "Jenap Nawalnyý tussaghanada bolan mahaly başyndan geçirjek zatlardan özleriniň jogapkär boljakdygyny Russiýanyň hökümetine ýetirdik we Russiýa halkara jemgyýet tarapyndan jogapkär hökmünde garalar" diýip habar berdi. 

"Eger jenap Nawalnyý ýogalsa onuň netijeleriniň boljakdygyny özlerine aýtdyk" diýip bellän Salliwan, Moskwa garşy nähili ädimler edip biljekdiklerini häzirki wagtda halka aýan etmejekdiklerini, emma şolar ýaly ýagdaý bolan halatynda onuň anyk ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar