Rus lukmanlar: "Nawalnyý islendik pursat ýogalyp biler" diýdiler

Russiýada tussaglykda saklanýan we 3 hepde bäri açlyk yglan eden oppozisioner lider Alekseý Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşandygy we islendik pursat ýogalyp biljekdigini habar berdiler

1623474
Rus lukmanlar: "Nawalnyý islendik pursat ýogalyp biler" diýdiler

44 ýaşyndaky oppozisioner lider Alekseý Nawalnyýnyň ýürek lukmanlaryndan biri bolan Ýaroslaw Aşihmin, Facebook hasabyndan beren beýanatynda Alekseý Nawalnyýnyň geçirilen soňky gan analizlerinde kaliý derejesiniň ýokarlandygynyň anyklanandygyny, onuň bolsa islendik pursat ýürek tutma sebäp bolup biljekdigini habar berdi. 

Ýürek lukmany mundan başgada geçirilen gan analizlerinde kreatin derejesiniň hem ýokary çykandygyny, onuň bolsa böwrekleri hatardan çykaryp biljekdigini görkezýändigini mälim etdi. 

Alekseý Nawalnyýnyň şahsy lukmany bolan we Rus lukmanlar alýansy arkalaşygynyň başlygy bolan Anastasiýa Wasilýewa hem Twitter hasabynyň üsti bilen Alekseý Nawalnyýnyň gan analizlerini paýlaşdy. Wasilýewa mundan başgada tussaghananyň ýolbaşçylaryna syrkaw ýoldaşlary bilen gyssagly ýagdaýda duşuşyk geçirmeklerine rugsat bermekleri üçin ýüz tutandyklaryny habar berdi. 

Alekseý Nawalnyýnyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş hem Facebook hasabyndan beren beýanatynda, Nawalnyýnyň soňky 3 hepdede 15 kg horlanandygyny belläp: "Adamlar ölmek sözüni dillerine almazlyga synanyşýar, emma şu günki gün Alekseý ölüme tarap barýar. Birnäçe günlik wagty galdy" diýip aýan etdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň iň möhüm garşydaşy hökmünde hasaplanýan Alekseý Nawalnyý, nerw sistemasyna ýaramaz täsir ýetirýän derman bilen zäherleneninden soň, 5 aý Germaniýada bejergi edilipdi, saglyk ýagdaýy gowulaşanyndan soň Russiýa gaýdyp gelipdi we 17-nji ýanwarda tussag edilipdi. 

Moskwada 2,5 ýyl azatlykdan mahrum edilen we arkasynda we aýaklarynda näsaglyklar emele gelmegi sebäpli lukmanlary bilen duşuşmak geçirnmegi üçin rugsat isleýän Nawalnyý, tussaghananyň ýolbaşçylary tarapyndan rugsat berilmänligi sebäpli 15-nji martda açylyk yglan edipdi. 



Degişli Habarlar