Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda guralan ýaragly hüjümde asuda ilatdan 8 adam ýogaldy

1623427
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Nangarhar welaýatynyň gubernatory Ziaulhak Amarhil, şahsyýeti entek anyklanmadyk adamlaryň welaýatyň Saraçe Ali Han diýilen ýerinde öýleriň birine ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde öýdäki asuda ilatdan 8 adamyň öldürilendigini aýdan Amarhil, hüjümçileriň bolsa gaçandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

BMG-nyň Owganystan boýunça ýardam missiýasy, 14-nji aprelde Owganystanda 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde asuda ilatdan 573 adamyň öldürilendigini mälim etdi. 

Asuda ilat ýitgilerinde geçen ýylyň ilkinji çärýegine garanyňda 29 göterimlik artyşyň bardygy bellenen beýanatda, şol adam ýitgileriniň 43,5 göteriminden Talibanyň, 17 göteriminden hökümediň tarapdary bolan toparlaryň, 5 göteriminiň terror guramasy DAIŞ-iň, galan böleginiň bolsa döwletiň tarapdary bolan toparlaryň jogapkärdigi öňe sürülipdi. 

Ýurtdaky dartgynlygyň bes edilmegi üçin parahatçylyk bilen baglanşykly tagallalar dowam edýär. 



Degişli Habarlar