Eýranda ýer titremesi boldy

Eýranyň günortasyndaky Buşehr welaýatynda 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1623379
Eýranda ýer titremesi boldy

Ýer titreme Buşehr welaýatynyň Bandar Gonaweh diýilen ýerinde, ýeriň 10 km aşagynda emele geldi. 

Döwlet telewideniýesi häzirki wagta çenli adam ýitgisiniň bardygy barada maglumat berilmändigini mälim etdi. 

Sebite Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli toparlaryň gönükdirilendigi habar berildi. 

Buşehr welaýaty ýadro desgalarynyň birine hem ýer eýeçiligini edýär. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Eýran

Degişli Habarlar