Çehiýa 18 rus diplomady ýurtdan çykarar

Babiş, diplomatlaryň 48 sagadyň içinde ýurdy terk etmekleriniň islenendigini habar berdi

1623327
Çehiýa 18 rus diplomady ýurtdan çykarar

Çehiýa 2014-nji ýylda başdan geçirilen partlama bilen arabaglanşyklary bolandyklaryny öňe sürüp 18 rus diplomady ýurtdan çykarmak barada karar kabul etdi. 

Çehiýanyň Premýer ministri Andreý Babiş, 18 rus diplomadyň Russiýanyň razwedka gullugy üçin işleýändigini we 2014-nji ýylda ýurdyň Günorta Morawiýa sebitinde ok-däri ammarlaryň birinde bolan partlama bilen arabaglanşyklarynyň bolandygy barada uly şübheleriniň bardygyny aýan etdi. 

Wise-premýer Ýan Hamaçekiň diplomatlaryň ýurtdan çykarylmak bilen baglanşykly kararyny Russiýanyň Praga şäherindäki ilçihanasyna ýetirendigini aýdan Babiş mundan başgada, ady agzalan kararyň ýurdyň Prezidenti Milos Zeman bilen hem paýlaşylandygyny mälim etdi. 

Babiş, diplomatlaryň 48 sagadyň içinde ýurdy terk etmekleriniň islenendigini habar berdi. 

2014-nji ýylda Günorta Morawiýa sebitinde bolan partlamada 2 adam ýogalypdy we sebitden ýüzlerçe adam başga ýerlere göçürilipdi. 



Degişli Habarlar