Russsiýa Amerika Gatnaşyklary Dartgynlaşýar

Russiýa ABŞ-nyň Sanksiýalaryna Garşy Görüljek Çäreleri Ara Alyp Maslahatlaşdy

1622957
Russsiýa Amerika Gatnaşyklary Dartgynlaşýar

Russiýanyň Preizdenti Wladimir Putin Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda ABŞ-nyň ýurduna goýan goşmaça sanksiýalaryna garşy görüljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdy.

Kremliň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Putinin Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen maslahat geçirendigini beýan etdi.

Putiniň geňeşiň agzalaryna ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi hakynda maglumat berendigini aýdan Peskow: “Maslahatda ABŞ-nyň ýurdumyza goýan sanksiýalaryna garşy görüljek çäreler seljerildi” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden kiber hüjüm synanşygy we prezident saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanşyklar bilen arabaglanşyklary sebäpli 10 rus diplomatynyň ýurtdan çykaryljakdygyny beýan edipdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi hem kiber hüjüm synanşygy we prezident saýlawlaryna goşulyşmak sebäpli Russiýa käbir ykdysady sanksiýalaryň goýuljakdygyny habar beripdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň ýurduna goşmaça sanksiýa goýmak hakyndaky kararyna gaýtawul görkeziljekdigini nygtap: “ABŞ-nyň birmeňzeş agressiw çemeleşmelerine egilşiksiz gaýtawul görkeziler” diýdipdi.



Degişli Habarlar