Lawrow Bilen DibeýbeLiwiýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Sergeý Lawrow duşuşykda Liwiýadaky syýasy krizisiň çözülmegi üçin ýurdunyň ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny belledi

1622638
Lawrow Bilen DibeýbeLiwiýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Lawrow, paýtagt Moskwada saparda bolýan Dibeýbe bilen duşuşdy.

Duşuşyga Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Daşary işler ministri Nejla Al Menguş, Tebigy gaz we nebit ministri Muhammed Ahmed Oun bilen Liwiýanyň Baş ştatynyň başlygy goşun generaly Muhammed Al Haddad hem gatnaşdy.

Duşuşykda, Liwiýa meselesiniň çözülmegi üçin soňky birnäçe aýda öňe gidişlik edilendigi nygtaldy we şol çäkde Liwiýada wagtlaýyn hökümetiň gurulmagyna hoşallyk bildirildi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşuşykda Liwiýadaky syýasy krizisiň çözülmegi üçin ýurdunyň ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny belledi



Degişli Habarlar