Russiýanyň harby gämiler Gara deňizde harby türgenleşik başlatdy

Russiýanyň harby flody sebite ABŞ-e degişli harby gämileriň barmagyndan ozal Gara deňizde harby türgenleşik başlatdy.

1621273
Russiýanyň harby gämiler Gara deňizde harby türgenleşik başlatdy

Habarlar gulluklarynyň berýän habaryna görä, türgenleşige Russiýanyň Krymdaky Gara deňiz flotyndan gämiler, dikuçarlar we uçarlar gatnaşýar. 

Türgenleşigiň dowamynda ýerdäki we howadaky nyşanalara atyş ýerine ýetiriler. 

ABŞ birnäçe gün ozal bolsa Gara deňize 2 harby gämisini gönükdirendigini mälim edipdi. 

Ady agzalan ädim Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýynda harby güýç üýşürmeginden soň edildi. 

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, ABŞ-nyň Gara deňize harby gämi ugratmagyny öjükdiriji hereket hökmünde häsýetlendiripdi. 



Degişli Habarlar