Putin Kowid-19 sanjymynyň 2-nji dozasyny etdirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, koronawirus sanjymynyň 2-nji dozasyny etdirdi

1621376
Putin Kowid-19 sanjymynyň 2-nji dozasyny etdirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, sanly ulgam arkaly geçirilen Russiýanyň Geogfariki Jemgyýeti maslahatynda eden çykyşynda, ýurtda işjeň ýagdaýda ýerine ýetirilýän sanjym işleriniň saýasynda epidmeiýanyň ýakyn wagtda azaljakdygyny umyt edýändigini habar berdi. 

Maslahat başlamadan ozal Kowid-19 sanjymynyň 2-nji dozasyny etdirendigini aýdan Putin: "Ähli zadyň gowy boljakdygyna ynanýaryn" diýip belledi. 

Putin, Kowid-19 sanjymynyň 1-nji dozasyny 23-nji martda etdiripdi. Putiniň haýsy Kowid-19 sanjymyny etdirendigi barada maglumat berilmedi, sanjym etdirişi hem metbugata ýapyk häsýetde amala aşyryldy. 



Degişli Habarlar