Baýden Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

“Baýden, Putine özara we sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin geljek aýlarda üçünji ýurtda duşuşyk geçirmegi teklip etdi”

1620693
Baýden Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada iki lideriň telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Baýdeniň, Russiýanyň kiber hüjümlerine garşy, ABŞ-nyň milli bähbitlerini goramak üçin berk çäre görjekdiklerlerine ünsi çekendigi nygtaldy.

Beýannamada “Baýden, ABŞ-nyň Ukriananyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine doly goldaw berýändigine ünsi çekdi. Baýden şeýle hem, Russiýanyň basyp alyşlyk astyndaky Kryma we Ukraina serhedine esger ornaşdyrmagyna alada bildirýändigini nygtap, Russiýa dartgynlygyň azaldylmagy üçin çagyryş etdi” diýildi.

Baýdeniň, ABŞ-nyň bähbitlerine laýyklykda Russiýa bilen durnukly gatnaşyk etmegi maksat edinýändiklerine aýratyn ünsi çekendigi bellenildi.

Beýannamada “Baýden, Putine özara we sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin geljek aýlarda üçünji ýurtda duşuşyk geçirmegi teklip etdi” diýildi.



Degişli Habarlar