Owganystanda harby birikmä hüjüm guraldy

Wakada 5 esger ýogaldy

1620457
Owganystanda harby birikmä hüjüm guraldy

Talibanly başbozarlaryň Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatyndaky harby birikmä guran ýaragly hüjüminde 5 esger ýogaldy. 

Ýurdyň demirgazygyndaky 209-njy Şakin korpus serkerdeliginiň metbugat sekretary Muhammed Hanif Ryzai, Talibanly başbozarlaryň Balh welaýatynyň Çimtal etrabynyň Serasýab diýilen ýerde ýerleşýän harby birikmä ýaragly hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümde 5 esgeriň öldürilendigini, 2 esgeriň ýaralanandygyny aýdan Ryzai, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda 7 başbozaryň öldürilendigini aýan etdi. 

Şaýatlar bolsa hüjümde 10 esgeriň ýogalandygyny, 5 esgeriň bolsa Talibanlylar tarapyndan zamun alynandygyny beýan etdiler. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, hüjümde 11 esgeriň öldürilendigi öňe sürüldi. 



Degişli Habarlar